Düzümi:
Eritijiler goşulan gliofal lakyndaky pigmentleriň we dolduryjylaryň suspenziýasy
Reňki:
açyk çal, gyzyl-goňur
Sarp edilişi*:
12-20 m²/l
* Materialyň sarp edilişi esasyň taýýarlanyş hiline, çalyş usulyna baglydyr.
«Bergauf» alkid grunty dürli emallar bilen örtmezden ozal, atmosfera şertlerinde we jaýyň içinde ulanylýan metal, agaç ýüzlerini gruntlamak üçin niýetlenendir.
Bellenen reňk palitrasynda öndürilýär: açyk çal, gyzyl-goňur
Ulanmazdan ozal gruntowkany gowy edip garmaly we zerur bolan ýagdaýynda, işçi şepbeşikligine çenli uait-spirit bilen suwarmaly. Gruntowka pnewmatik pürküji, çotga, walik, batyrmak ýa-da akdyryp guýmak arkaly çalynýar. Boýaljak ýüzüni öňünden hapa, pos, gopup duran köne boýagdan arassalamaly, ýagsyzlandyrmaly we guratmaly.
Gurama wagty:
24 sagatdan soň doly guraýar (howanyň temperaturasy 20±2°C, howanyň otnositel çyglylygy 50% bolanda).
Saklanylyşy
Original dykyz ýapylan gapda, salkyn we çagalar üçin elýeterli bolmadyk ýerde saklamaly. Kepillendirilen saklanyş möhleti 24 aý.
Utilizasiýa
Kanalizasiýa, suw howdanlaryna, ýere dökmeli däl. Bankadaky grunt galyndylary doly gurandan soň, ony berk ýapylan gapda durmuş ýa-da gurluşyk galyndysy hökmünde utilizasiýa edip bolar.