Üst gatlagy taýýarlamak:Esasy taýýarlamagy SP 71.13330.2017 kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmeli.
- Esasy tozandan we hapa zatlardan arassalamaly. Öň boýalan ýüzlerden köne boýagyň we heklemäniň gowşak gatlaklaryny aýyrmaly.
- Gaty we berk duran ýalpyldawuk ýüzleri mat ýagdaýyna çenli ýylmamaly, ýylmanan wagty dörän tozany aýyrmaly.
- Büdür-südür ýerleri, oýuklary, jaýryklary we gopan ýerleri Bergauf UNI PASTA suw-dispersiýaly şpatlýowkasy bilen tekizlemeli we ýylmamaly.
- Ozal hek ýa-da hekli boýaglar bilen örtülen ýüzler doly aýrylýança düýpli arassalanmalydyr. Örtügiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we boýag sarp edilişini azaltmak üçin güýçli siňdiriji ýüzleri öňünden gruntlamaly.
- Bergauf Techno Primer gruntuny, şeýle hem şpatlewkalary ulanmak maslahat berilýär.
- Boýalýan ýüzlük gury we arassa bolmaly, işleri geçirmek üçin esasyň temperaturasy +5°C-den pes bolmaly däl, boýag çalynýan wagty otagyň temperaturasy +5°C-den +35°C-e çenli, howanyň otnositel çyglylygy bolsa 80%-den pes bolmaly.
- Boýagy organiki eredijiler bilen garyşdyrmaly däl.
- Final gatlagynda reňk tapawudynyň bolmazlygy üçin, bir tapgyrda öndürilen boýagy ulanmak maslahat berilýär.
Boýagy gowy edip garyşdyrmaly. Garyşdyrmak işini giň we tekiz plankanyň kömegi bilen ýa-da gurluşyk mikserinde pes aýlawlarda, howa köpürjikleriniň emele gelmegine ýol bermän, seresaplylyk bilen 1−3 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýapyk bankany çaýkap, materialy garyşdyrmak maslahat berilmeýär. Daşalandan we/ýa-da işjeň garyşdyrylandan soň howa köpürjikleri emele gelen ýagdaýynda, olar aýrylýança boýagyň durlanmagyna garaşmaly. Boýagy taýýarlanylan gury we arassa ýüzlüge çotga, walik ýa-da boýag pürküji bilen çykarmaly. Fakturaly ştukaturka, kerpiç, beton bloklar, relýefli potoloklar ýaly büdür-südür ýüzlükler üçin tüýüniň uzynlygy 12−25 mm bolan walikleri ulanmak maslahat berilýär. Şpatlýowka, ştukaturka, beton, aýna süýümli oboýlar, malýar flizelini ýaly gidir-budur ýüzlükler üçin — tüýüniň uzynlygy 8−12 mm bolan walikleri. Gipskarton, MDF, DSP, arhitektura dekorynyň elementleri (nalitnikler, moldingler, potolok karnizleri) ýaly tekiz ýüzlükler üçin bolsa — tüýüniň uzynlygy 6 mm çenli bolan walikleri ulanmaly.
Boýag ulanmaga taýýar, çotga ýa-da walik bilen çalyşmak üçin zerur bolan ýagdaýynda ony 5%-den köp bolmadyk mukdarda suw bilen suwaldyp bolar. Howasyz pürkmek usuly üçin 5−10% suw bilen suwaldylmagyna ýol berilýär, soplosy 0,013−0,015″, basyşy 180−190 bar. Pürkmek burçy boýalýan ýüzlügiň meýdanyna we geometrik aýratynlyklaryna görä saýlanýar. Doýgun reňk almak we ýüzlügiň daşky görnüşini gowulandyrmak üçin boýagy iki gatlak edip çalyşmak zerurdyr. Işleri geçireniňizde göni düşýän gün şöhlelerinden we ýokary çyglylykdan gaça duruň. Işler tamamlanandan soň elleri we gurallary ýyly suw bilen gowy edip ýuwmaly.