Jaýyň içindäki diwarlary, potoloklary, germewleri we beýleki ýüzleri boýamak üçin interýer boýaglary, dekoratiw ştukaturkalar we fakturaly örtükler.

IÇERKI IŞLER ÜÇIN LAK-BOÝAG MATERIALLARY

Siziň ideýalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin önümleriň giň görnüşi
Adaty we ýokary çyglylykly otaglar üçin materiallar
Ral, NCS we beýleki reňk kataloglarynyň ýelpawaçlary boýunça müňlerçe reňke öwürmek
Kompýuter arkaly reňklemek
Aňsat çalynýar
Üste relief berýär
Üstüň ownuk büdür-südürlerini gizleýär

PRAKTIK fakturaly boýagy

Gaplanyşy:
Dekoratiw bezeg we ýüzleriň relýefini döretmek üçin boýag
14kg
Häsiýetnamalary ýükläp almagy
Önüm 2026-njy ýylyň iýulyna çenli öndürilýär.

Niýetlenişi:
Dekoratiw bezeg we ýüzleriň relýefini döretmek üçin, jaýlaryň içindäki bezeg işleri, şol sanda çyglylygy ýokary bolan ýerler (aşhanalar, hammamlar, koridorlar, girelgeler) üçin boýag. Ýokary dekoratiw aýratynlyklaryna, örtüjilik ukybyna we boýalýan ýüz bilen berk sepleşmesine eýedir. Ýiti ysy ýokdur.


Esas görnüşi:
  • Suwalan, gipsli, gipsokartonly ýüzler, şeýle hem ozal suw-dispersiýaly boýaglar bilen boýalan ýüzler.
Çalyş usuly:
  • Çotga
  • Walik
  • Pürküji

Sarp edilişi:
1–1,5 m²/kg

Ýalpyldawuklyk derejesi:
Matowy

Reňklemek:
Boýagy reňklemek NCS, RAL we beýleki reňk ulgamlaryna laýyklykda amala aşyrylyp bilner.